Alymlar birnäçe ösümlikleriň rak keseline garşy täsiriniň bardygyny tassykladylar

  • 29.10.2025 11:02
  • 4.9k+

Yrakly, hindistanly we russiýaly alymlar Hytaýyň halk lukmançylygynda ulanylýan birnäçe ösümlikden alnan maddalary barladylar we olaryň iň azyndan sekizsinde rak keseline garşy täsirleriň bardygyny subut etdiler. Bu barada Russiýanyň Günorta Ural Döwlet uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Uniwersitetiň düşündirişine görä, şeýle tebigy derman serişdeleriniň täsirini molekulýar derejede öwrenmezden ulanmak howply bolup biler, şonuň üçin ylmy taýdan tassyklama möhüm. In vitro (bedeniň daşynda, laboratoriýa şertlerinde) geçirilen synaglar käbir maddalaryň rak öýjükleriniň köpelmegini saklaýandygyny we immunitet ulgamyny güýçlendirýändigini görkezdi.
Barlagyň netijelerinden mysallar:

  • Rutakarpin (ewodiýa rutoplodnanyň miwesinden) – 48 sagadyň dowamynda rak öýjüklerine garşy işjeňlik görkezdi.
  • Ikariin (iri gülli dagdan) – rak öýjükleriniň ösmegini haýallatdy.
  • Matrin (sarymtyl soforanyň köklerinden) – göwüs mäzleriniň iň ýiti görnüşleriniň birine garşy täsir etdi.
  • Şikonin (gyzyl kökli serçeçiden) – rak ösmegini saklamagy bilen birlikde immuniteti güýçlendirdi.
  • Ostol (gar pasternagyndan) – öýjükleriň köpelmegini togtadyp, olaryň öz-özüni ýok etmegine sebäp boldy.

Şeýle hem lopuhyň arktigeniniň, inçe ýaprakly deňiz suwotylarynyň ekstraktlarynyň we safran dänelerindäki krosin bilen krosetiniň hem rak keseline garşy häsiýetleriniň bardygy aýdyldy.
Alymlaryň bellemegine görä, bu maddalar entek kliniki synaglardan doly geçmedi. Şonuň üçin olaryň bejergide ulanylmagy diňe lukmanlaryň berk gözegçiligi astynda mümkin bolar.


düýn 10:01
2.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......