Dünýädäki hroniki böwrek keselli adamlaryň sany 35 ýylda iki esse artdy

  • 16.11.2025 13:05
  • 6.2k+

Halkara alymlar toparynyň anyklamagyna görä, 1990-njy ýyldan bäri hroniki böwrek kesellerinden  ejir çekýän uly ýaşly adamlaryñ  sany iki esse artdy we 788 milliona ýetdi. Häzirki wagtda bu kesel dünýäde iň köp adam pidasyna sebäp bolýan keselleriň hatarynda dokuzynjy orny eýeleýär. Bu barada Nýu-Ýork uniwersitetiniň (NYU Langone Health) metbugat gullugy habar berýär.

«Biziň geçiren derňewimiz hroniki böwrek keselleriniň adam saglygyna iň uly we howply wehimleriñ biri bolup durýandygyny hem-de onuň derejesiniň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu ýagdaýyň öz gezeginde, bu keseller bilen göreşiň halkara jemgyýetçiligi üçin rak, ýürek-damar keselleri we psihiki bozulmalar bilen göreş ýaly iň möhüm ugurlaryň birine öwrülmelidigini görkezýär» diýip, professor Jozef Koreş aýtdy.

Alymlar Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), Saglyk Görkezijiler we Baha Beriş Instituty (IHME) hem-de Bill we Melinda Geýts gaznasy tarapyndan alnyp barylýan Global Burden of Disease (GBD) atly ählumumy taslamanyň maglumatlaryny derňediler. Bu taslamada 1990-njy ýyldan bäri kesellere we ölüm derejesine sebäp bolýan esasy sebäpler boýunça statistikalar toplanýar.
Derňewiň netijelerine görä, häzirki wagtda hroniki böwrek keselleri dünýäniň uly ýaşly ilatynyň takmynan 14%-ine täsir edýär. Bu keselli adamlaryň sany 1990-njy ýylda 378 million bolsa, häzirki wagtda 788 milliona ýetdi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......