Alymlar beýnide dowamly agyryny “ýatda saklaýan” bölegi tapdylar: täze bejeriş usullaryna umyt peýda boldy

  • 13.10.2025 09:41
  • 7.3k+

Alymlar beýnide dowamly, uzak wagtlap duýulýan agyrynyň ýüze çykmagynda işjeňleşýän ýiti öýjükler toparyny tapdylar. Barlagyň netijelerine görä, hut şu neýronlar adamyň näme üçin agyrynyň şikesden soň hem dowam edýändigini düşündirip biler.

«Agyry diňe beýniňizde galýar, ýöne ol hakykatdan hem bar zat» diýip, Filadelfiýadaky Pensilwaniýa uniwersitetiniň biology we barlagyň awtory Nikolas Betli aýdýar.

Nature žurnalynda çap edilen bu barlag häzirlikçe diňe syçanlarda synag edildi. Emma onuň netijeleri adamlarda hem tassyklansa, bu ýagdaý dowamly agyryny bejermek üçin täze usullaryň işlenip düzülmegine ýol açyp biler. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň takmynan 20%-i dowamly agyrydan ejir çekýär.
Pensilwaniýa uniwersitetiniň alymlary beýniniň parabrahiýal ýadrosy diýlip atlandyrylýan bölegine üns berdiler — bu bölek bedenden gelýän signallary kabul edip, beýniniň beýleki ýerlerine geçirýär. Şol ýerde alymlar şikesler bejerilenden soň hem işjeňligine dowam edýän neýronlar toparyny tapdylar. Bu neýronlarda neýropeptid Y atly signal molekulasy üçin reseptorlar bar.
Biolog Betliniň sözlerine görä, Y1R neýronlary özbaşyna agyry duýgusyny döredýän däldir. Ýöne olar beýnide “agyry” duýgusyny emele getirýän ulgamynyň bir bölegi bolup çykyş edýär.
Alymlar bu neýronlaryň işjeňligi togtadylanda, haýwanlaryň dowamly agyry duýgusy azalýandygyny, emma gysga wagtlyk howply täsirlere bolan tebigy reaksýanyň saklanyp galýandygyny ýüze çykardylar. Munuň özi beýnide dowamly agyryny basyp bilýän tebigy mehanizmiň bardygyny görkezýär.
Barlagyň awtorlarynyň pikiriçe, geljekde bu prosesiň jikme-jik öwrenilmegi dowamly agyry üçin täze, uzak möhletli we howpsuz bejeriş serişdeleriniň döredilmegine ýol açyp biler.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......