Frankfurt şäherinde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri tanyşdyrylar

  • 19.10.2025 08:26
  • 5k+

Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleriniň çäklerinde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, forumda ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary, dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy, işewürlik hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan edara-guramalarynyň, kompaniýalarynyň 50-den gowragy hasaba alyndy.
Wise-premýer Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......