Türkmenistan «Bitewi saglyk» taslamasynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

  • 01.11.2025 12:15
  • 2.3k+

29–31-nji oktýabr aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede «Pandemiýalaryň öňüni almak, azyk howpsuzlygyny hem-de ekoulgamlaryň sagdynlygyny üpjün etmek üçin Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk”» atly taslamanyň ilkinji sebitleýin maslahaty we Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugy habar berdi.

Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň we degişli ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem halkara guramalar we ösüş boýunça hyzmatdaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistandan oba hojalyk, saglygy goraýyş we derman senagaty, daşky gurşawy goramak, şeýle hem maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.

Umumy mejlisde Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň adyndan Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň müdiri Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durnukly ösüş ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, ilatyň saglygyna, haýwanat dünýäsiniň goralmagyna hem-de ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýändigini belledi.
A.Soltanmyradowyň bellemegine görä, «Bitewi saglyk» konsepsiýasy azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, mallardan adamlara geçýän keselleriň (zoonozlaryň) öňüni almaga we weterinariýa-sanitariýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ol Türkmenistanyň bu ugurda edaralaryň we sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
Maslahat ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmak hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança öwrüldi. Gatnaşyjylar Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň işiniň ýola goýluşyny we taslamany ýerine ýetirmäge goldaw berjek tehniki iş toparlaryny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň «Bitewi saglyk» ulgamynyň ösdürilmegine goşan möhüm goşandyny bellediler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň dünýä derejesinde biologik we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşjagyna ynam bildirdiler.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......