Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy

  • 11.10.2025 18:13
  • 5.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy:

  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ortopediýa bölüminiň müdiri Çarymyrat Işimow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň statist lukmany Jumadurdy Nurýagdyýewiç Garlyýew,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň Endokrinologiýa toplumynyň lukmançylyk enjamlarynyň I derejeli tehnigi Gurbanmyrat Muhammetnurowiç Hojagulyýew,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň 14-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Tatýana Alekseýewna Malahowa,
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri Muhammetguly Aşyrowiç Atagaraýew,
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti Muhabbet Ergeşowna Azziýewa;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakyldy:
«Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly ady:

  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň urologiýa we andrologiýa kafedrasynyň müdiri Mämmetberdi Çaryýew,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ýusup Hojadurdyýewiç Işangulyýew,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň neýrohirurgiýa bölüminiň müdiri Annaguly Açyldurdyýew,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň esasy ylmy işgäri Olga Nikolaýewna Borodina,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynyň baş lukmany Geldi Taganowiç Annamuhammedow;

«Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly ady:

  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bejeriş-öňüni alyş bölüminiň başlygy Muhammet Bozoglanowiç Ergeşow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory Çary Rozyýewiç Agamyradow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkeziniň çaga lukmany Batyr Tirkişowiç Rahmanow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň lukmany Resul Nepesow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Arçman» şypahanasynyň baş lukmany Çaryýar Amansähedowiç Annasähedow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Daşoguz «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň baş lukmany Merdan Myradowiç Gurbanow.
  •  

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......