Daşoguz we Tejen şäherlerinde täze saglygy goraýyş desgalary gurlar

  • 09.10.2025 11:12
  • 7.5k+

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany we Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli desgalaryň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlar we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we desgalaryň ikisini hem 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


09.06.2026 23:14
6.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....