“Aşgabat” seýilgähinde Bütindünýä maýyplar güni mynasybetli festiwal geçiriler

  • 11.11.2025 14:57
  • 6.1k+

15-nji noýabrda paýtagtymyzda “Aşgabat” seýilgähinde (1-nji park) her ýyl geçirilýän “Biz dürli. Biz deň” atly inklýuziw festiwal geçiriler. Çäre Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşygyny hem-de deň mümkinçilikleri öňe sürmäge gönükdirilendir.

Festiwal BMG-niň Türkmenistandaky Ýurt edarasy tarapyndan ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy bilen guraldy.
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tebigaty goramaga bagyşlanan interaktiw diwarlygy taýýarlaýar. Bu ýerde 
“Akyl synagy”, “Üns oýny” “Ýuurtga gaply towşanlaryň ýaryşy”, “Reaksiýa oýny”, “Sanamak we plastmassa gapjagazlary ýerleşdirmek” we beýleki oýunlar görkeziler.
Oýunlar üçin ähli esbaplar gaýtadan işlenen materiallardan taýýarlanyldy. Munuň maksady tebigata jogapkärli garaýşy wagyz etmekden ybarat.
Iň işjeň gatnaşyjylara sowgatlar berler.
Festiwalyň maksatnamasynda dürli sport çäreleri, döredijilik giňişligi we ähli ýaşdakylara niýetlenen gyzykly dynç alyş meýdançalary bolar.
Guramaçylar isleg bildirýänleriň ählisini gatnaşmaga çagyrýar.
Festiwal şenbe güni sagat 14:00-dan 16:30-a çenli dowam eder.


22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......