4.9k+

«Volkswagen ID. Unyx 06» Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy

JAC Motors bilen Volkswagen-iň bilelikdäki Volkswagen Anhui kärhanasy Hytaýda täze «Yuzhong 06» kupe-krossowerini, ýagny «ID. Unyx 06» atly täze modelini resmi taýdan hödürledi diýip, «ITHome» portaly habar berýär...

7.1k+

Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar

Ford 150%-e ýetýän ýokary gümrük nyrhlary sebäpli ABŞ-dan Hytaýa awtomobil ibermegini togtatdy. Çäklendirme ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara, pikaplara we sportkarlara, şol sanda Miçiganda öndürilen F-150 Raptor, Mustang, Bronco modellerine we Kentukkiden Lincoln Navigator modeline degişli boldy...

5.3k+

Hytaýda 10G ulgamy eýýäm işe girizildi: 8K filmi bir minutda ýükläp alyp bolýar

Huawei we China Unicom Sýunan sebitinde ilkinji giň zolakly 10G ulgamyny işe girizdi. Ol dünýäde şeýle derejeli ilkinji çözgüt bolan 50G PON tehnologiýasyna esaslanýar. Täze ulgam geçiriş ukybyny adaty gigabit derejesinden 10G çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär, gijikdirme bolsa millisekunta çenli azalýar...

2.4k+

Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyjy bilen işleýän reaktory üstünlikli işe girizdi

Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyçly 2 MWt-lyk synag üçin niýetlenen ergin-duzly reaktory (EDR) üstünlikli işe girizdi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär. Şanhaýyň amaly fizika instituty tarapyndan dolandyrylýan reaktor hiç hili durmazdan, öz ýangyjyny doly ulanyp, soňra täzeden dolduryp, doly iş tapgyryny tamamlady...

7.2k+

Apple Hytaýyň smartfon bazarynda bäşinji orna düşdi

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda smartfon bazary 3,3% ösüp, 71,6 mln smartfona ýetdi. IDC-niň maglumatlaryna görä, ösüşe 810 dollara çenli bahadaky smartfonlar üçin döwlet ýeňillikleri we Hytaý Täze ýylynyň baýram edilen döwründe möwsümleýin isleg ýardam etdi...

8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň uly «ýüzýän balyk fermasy» işe girizildi

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Hytaýyň Tsindao şäherinde balyk we beýleki deňiz önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin, 150 müň tonnalyk akylly gämi işe girizildi. Bu gämi 2022-nji ýylda işe girizilen dünýäde ilkinji ferma gämisi bolan «Guoxin 1-iň» kämilleşdirilen görnüşidir...

5.6k+

Lexus Hytaýda özüniň ilkinji elektromobil zawodyny gurýar

Lexus awtoulag öndürijisi Hytaýyň Şanhaý şäheriniň Szinşan etrabyndan 1,13 million inedördül metr meýdan satyn alyp, Hytaýda dolulygyna özüne degişli ilkinji elektromobil zawodyny gurmak üçin 185 million dollar töledi...

5.8k+

Volvo 65 müň dollardan XC90 2025 modelini tanyşdyrdy

Volvo kompaniýasy 2025-nji ýylyň «Volvo XC90» flagman krossowerini Hytaý bazarynda resmi taýdan tanyşdyrdy. Ulagyň bahasy 479 müň ýuandan (takmynan, 65 müň dollardan) başlaýar diýip, «ITHome» portaly habar berýär...

2.3k+

Hytaýly Szýuý Wenszýun küşt boýunça dünýä çempiony titulyny gorady

Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony, hytaýly Szýuý Wenszýun watandaşy Tan Çžunine garşy oýunda öz titulyny üstünlikli gorady. Ýaryş Şanhaýda we Çunsinde geçirildi. Dokuzynjy döwde ak mallar bilen oýnan Szýuý Wenszýun 6,5 utuk toplap, ýeňiş gazandy, bu hem oňa çempion titulyny üpjün etdi...

3.2k+

Hytaý 2028-nji ýylda Aýda ýerli toprakdan kerpiç çap eder

Hytaý Aýy özleşdirmek boýunça uly ädim ädýär: 2028-nji ýylda «Çanýe-8» (Chang’e 8) missiýasy Aýyň ýüzündäki toprakdan 3D çap usuly arkaly kerpiç çap etmegi synagdan geçirer. Bu tehnologiýa Hytaýyň 2030-njy ýyllarda...