Hytaýda müňlerçe ýyl ozal ýitip giden ynsan nesliniň yzlary tapyldy

  • 11.04.2026 11:03
  • 5.6k+

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Buzluk döwründen soň Demirgazyk Hytaýda ýaşap, wagtyň geçmegi bilen doly ýitip giden ynsan neslini ýüze çykardylar. Bu barada Current Biology žurnalynda habar berilýär.

Alymlar Dunhuliniň golaýynda tapylan üç sany gadymy adamyň DNK-syny barladylar. Barlagda zenanlaryň biriniň mundan 19 müň ýyl ozal Amur derýasynyň boýunda ýaşan adamlar bilen garyndaşdygy, ýöne özboluşly aýratyn bir nesle degişlidigi anyklanyldy.

Iň täsin ýeri, bu adamlaryň nesil daragty üýtgeşik bolsa-da, medeniýetiniň birmeňzeşligidir. Arheologlar şol ýerde tapylan zähmet gurallarynyň we ösümlikleri işläp taýýarlamak usullarynyň asyrlar boýy üýtgemändigini anykladylar.

Şol bir ýerden iki müň ýyldan soň jaýlanan adamyň DNK-sy bolsa eýýäm düýbünden başga – mongol taýpalaryna has ýakyn bolup çykdy. Alymlaryň çaklamasyna görä, gadymy demirgazyk nesliniň ýitip gitmegine Buzluk döwründen soňky howa üýtgeşmeleri sebäp bolan bolmaly.

Howa şertleri kynlaşansoň, bu gadymy adamlar täze ýerlere göçüp, beýleki kowumlar bilen garyşyp gidipdirler. Şol sebäpli olaryň genlerine häzirki zaman adamlarynda asla duş gelnimeýär diýen ýalydyr.


22.05.2026 14:33
5.7k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

21.05.2026 20:16
3.1k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....

21.05.2026 19:24
3.7k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

20.05.2026 17:37
3.1k+

Mohenjo-Daronyň syry: gadymy megapolis sosial deňsizligi nädip ýeňipdir

Adamzat taryhynda ilkinji megapolisleriň döremegi, adatça, birmeňzeş gözgyny ýagdaýlara getiripdir diýlip hasap edilýär: ägirt uly baýlyklaryň hökümdarlaryň elinde jemlenmegi, ruhany elitanyň peýda bolmagy we......