Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

  • 21.05.2026 19:24
  • 3.9k+

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy sentýabrynda açylyp, geljek ýylyň 11-nji iýulyna çenli dowam eder.

Muzeý ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, 68 metr uzynlygyndaky bu orta asyr halysy ýörite taýýarlanan aýnaly witrinanyň içinde ýerleşdiriler. Bu bolsa gelýänlere eseriň şekilini doly synlamaga we sanly tilsimatlar arkaly taryhy wakalara has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.

Britan muzeýiniň direktory Nikolas Kallinan bu gobeleni Beýik Britaniýa bilen Fransiýanyň taryhy arabaglanyşygyny görkezýän dünýäniň iň möhüm medeni gymmatlyklarynyň biri diýip atlandyrdy.

Sergi 1066-njy ýylda normanlaryň Angliýany basyp almagynyň öň ýanyndaky taryhy wakalary gürrüň berýär. Halynyň ýanynda şol döwre degişli seýrek resminamalar, suratly golýazmalar we kümüş teňňeler hem görkeziler.

Taryhy gymmatlygyň Fransiýanyň Baýýo şäherindäki muzeýden Londona geçirilmegi medeni miras hünärmenleriniň arasynda uly närazylyklary döretdi. Emma 2025-nji ýylda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron iki ýurduň medeni hyzmatdaşlygynyň çäginde halynyň 18 aýlyk London muzeýine berilmegini resmi taýdan makullady.

Tankytçylar eseriň örän könelendigini we zaýalanma howpunyň bardygyny aýdýarlar. Hünärmenleriň hasabatyna görä, bu gadymy eseriň üstünde 24 204 sany tegmil, 9 646 sany deşik we 30 sany ýyrtyk bar.

Baýýo halysy 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýadygärligi» sanawyna girizilipdi.


düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....