Hytaýyň bir startapy kosmosda ýangyç doldurmaga niýetlenen “çeýe goly” synagdan geçirdi

  • 30.03.2026 10:56
  • 3.6k+

Hytaýyň kosmos kompaniýasy orbitada çeýe robot goluny synagdan geçirdi. Bu işläp düzme kosmos gämilerine ýangyç guýmak we hyzmat etmek üçin niýetlenendir.

Bu enjam Sinhua uniwersitetiniň Şençžendäki Halkara ýokary mekdebiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işlenip düzüldi. Manipulýator kabel hereketlendirijili çeýe, işi boş gurluşdyr.

Synag wagtynda ol Ýerden ýüzlerçe kilometr belentlikde ýangyç portlary bilen takyk sepleşmek işini amala aşyrdy. Gaty gurluşlardan tapawutlylykda, manipulýator bükülip we görnüşini üýtgedip bilýär, bu bolsa oňa çäkli giňişliklerde işlemäge mümkinçilik berýär.

Sustain Space kompaniýasynyň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň 16-njy martynda Szýusýuan hemra uçuryş merkezinden Kuaizhou-11 raketasynda uçurylan Yuxing-3 06 hemrasy eýýäm birnäçe operasiýany amala aşyrdy. Bularyň arasynda awtomatiki ýangyç guýulmagynyň simulýasiýa edilmegi, Ýerden dolandyrylýan modelirlemeler we wizual gönükdirme ýaly operasiýalar bar.

Ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Wan Sýuesýan şeýle tehnologiýalaryň hemralary abatlamaga we ýangyç bilen doldurmaga, şeýle hem orbitalary kosmos galyndylaryndan arassalamaga mümkinçilik berjekdigini belledi.


düýn 23:52
2.2k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

düýn 08:39
901

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....