«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

  • 31.03.2026 12:06
  • 2.7k+

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin hökmany talaba öwrüldi.

15-nji martda bu synagyň ilkinji tapgyrlarynyň biri geçirildi. Synag matematika, logika we dil boýunça bilim derejesini barlaýar. Kompaniýa öz okuwçylarynyň synaga gatnaşandygyny we hünärmenleriň goldawy bilen üstünlikli netijeleri görkezendigini habar berýär.

Täze düzgünler bilen baglylykda Hytaýda okamak isleýän dalaşgärlere resminamalary öňünden tabşyrmak we CSCA synagyna wagtynda ýazylmak maslahat berilýär. «Ýönekeý» taýýarlykdan başlap, synaga ýazylmak we ony tabşyrmak döwrüne çenli doly hyzmat edýär.

Kompaniýa başga ýurtlarda hem okuw mümkinçiliklerini hödürleýär.

Türkiýe
200-den gowrak okuw ugruny saýlamak mümkin. Kepillikli okuwa ýerleşmek üçin resminamalary tabşyrmak bolýar.

Malaýziýa
Iňlis dilinde okadylýan maksatnamalar boýunça göni birinji kursdan okuwa başlamak mümkinçiligi bar.

«Ýönekeý» kompaniýasy 15-den gowrak hyzmaty ýerine ýetirýär:

  • okuw ugruny saýlamak;
  • resminamalary taýýarlamak;
  • wiza almak;
  • terjime hyzmatlary;
  • CSCA synagyna ýazylmak we synaglara taýýarlyk görmek;
  • okuw döwrüne ýaşaýyş bilen üpjün etmek;
  • maslahat hyzmatlary;
  • okuwa ýerleşiş döwründe hemra bolmak;
  • uýgunlaşmaga ýardam bermek we beýleki hyzmatlar.

Hyzmatdaşlyk edilýän uniwersitetleriň hemmesi resmi sanawa girýär, olaryň diplomlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hem doly ykrar edilýär.

Kompaniýanyň ofisleri Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýär.

Has giňişleýin maglumatlary https://hytay.com saýtyndan alyp bilersiňiz.


18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.6k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......