Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

  • 03.04.2026 20:56
  • 12k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär.

Kesel Gansu welaýatynda we Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde ýüze çykaryldy. Jemi 6222 başdan ybarat bolan iki sürüde 219 sany malyň keselländigi anyklandy.

Mallarda agsyl wirusynyň SAT1 serotipi tapyldy. Agentligiň maglumatyna görä, Hytaýda öndürilen sanjymlar bu görnüşe garşy täsirli däl. Ýurtda bu görnüş ilkinji gezek ýüze çykarylýar.

Sebitleriň häkimiýetleri keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri görýär: kesellän mallary soýmak we dezinfeksiýa işleri alnyp barylýar.

Sinszýan sebiti Russiýanyň Altaý Respublikasy bilen serhetleşýär. Bu sebitde 2025-nji ýylyň ahyryndan bäri mallaryň arasynda keselleme ýagdaýlary hasaba alynýar. «Izwestiýa» neşiriniň maglumatlaryna görä, Sibirde 2026-njy ýylyň fewral-mart aýlarynda karantin çäreleri 87,5 müňden 90,5 müňe çenli mala degişli boldy.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......