Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy

  • 20.03.2026 11:48
  • 13k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostluk saparyny tamamlap, Türkmenistana gaýtdy.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, Pekindäki çärelerden soň, ol «Şoudu» halkara howa menziline baryp, ol ýerden Türkmenistana uçdy. Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Aşgabadyň halkara howa menziline gondy.

Howa menzilinde ony resmi adamlar garşylady.

Ýatlap geçsek, Hytaýa bolan saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy we oňa «Gadyrly» atly ahalteke bedewini sowgat berdi. Şeýle-de, ol Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) ýolbaşçysy Daý Houlýan bilen gepleşikler geçirdi.

Mundan başga-da, saparyň çäginde Halk Maslahatynyň Başlygy Pekindäki «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp gördi we ol ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy.

Sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. Taraplar dürli ulgamlarda özara gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.


şu gün 10:55
444

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

şu gün 08:04
3k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

08.06.2026 17:48
6.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......