Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentiň adyndan Si Szinpine ahalteke bedewini sowgat berdi

  • 19.03.2026 07:21
  • 15k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa saparynyň çäklerinde Si Szinpin bilen geçirilen duşuşykdan soň, onuň bilen dostlukly gezelenç etdi. Bu waka iki döwletiň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýokary derejeli ynamyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Gezelenjiň dowamynda sowgat alyşmak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Milli Lider Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Hytaýyň Başlygyna Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat berdi.

Si Szinpin bu gymmatly sowgady uly hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda türkmen bedewlerine aýratyn sarpa goýulýandygyny belledi. Ol mundan 12 ýyl ozal özüne sowgat berlen Gahryman atly ahalteke bedewini ýatlap, türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly pähimli sözlerini belledi. HHR-iň Başlygy bu sowgadyň diňe bir özi üçin däl, eýsem tutuş hytaý halky üçin hem uly hormatdygyny aýtdy.

Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parfiýa döwletine iberilmegi türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky aýratyn gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu halklaryň taryhy berk baglanyşykly bolup, häzire çenli bilelikde geçilen ýoluň iň asylly däpleri özara gatnaşyklara üstünlikli ornaşdyrylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary dowam edýär.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......