Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda «Equuleus» atçylyk toplumyna baryp gördi

  • 20.03.2026 10:58
  • 4.8k+

19-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp gördi.

Toplumyň girelgesinde ony Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we atçylyk toplumynyň wekilleri garşylady. Soňra belent mertebeli myhman toplum bilen tanyşdyryldy.

Haly düşelen ýodajygyň ugrunda hytaý saz gurallarynda milli sazlar ýaňlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri sazandalara minnetdarlyk bildirip, olary Türkmen bedewiniň milli baýramy, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza çagyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilen halyny synlady.

Soňra belent mertebeli myhman üçin atlaryň gezim etdirilişi guraldy. Şeýle hem hytaý tohum itleri görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy atlaryň çykyşlaryna tomaşa etdi we sport atlarynyň taýýarlanylyşy, şeýle hem toplumda halkara ýaryşlaryň guralyşy bilen tanyşdy.

Bu ýerdäki ahalteke bedewlerine aýratyn üns berildi. Hytaýly hünärmenler atlary idetmek işinde türkmen milli däpleriniň we seýisçilik usullarynyň ulanylýandygyny, munuň bolsa bedewleriň arassa tohumyny gorap saklamaga ýardam edýändigini gürrüň berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow milli däp-dessurlarymyza eýerip, atlaryň biriniň boýnuna alaja daňdy.

Saparyň ahyrynda ol toplumyň dolandyryş binasynda guralan sungat eserleriniň sergisini synlady. Sergide goýlan gymmatlyklar ahalteke bedewiniň dünýä medeni mirasynyň ösüşindäki möhüm ornuny görkezýär.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......