Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

  • 19.03.2026 06:51
  • 6.1k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna (HHR) amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedowy we döwlet Baştutanyny ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen gutlap, Hytaý Täze ýylynyň soňky gününiň bu baýram bilen gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar BMG-niň hem-de «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde tagallalaryň utgaşdyrylýandygyny belledi.

Milli Lider pursatdan peýdalanyp, Si Szinpini we ähli hytaý halkyny Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň mejlisleriniň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu ýokary syýasy forumlarda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady. HHR-iň Başlygy hoşallyk bildirip, Hytaý üçin Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň ygtybarly hyzmatdaşdygyny we Hytaýda ýurduň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň ählumumy howpsuzlyk we ösüş strategiýalarynyň Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog – parahatçylygyň kepili» ýaly başlangyçlary bilen sazlaşýandygyny belledi.

Duşuşykda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça täze taslamalar we gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň ulag-logistika ulgamynda täze mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Hytaý tarapy ýakyn wagtda Türkmenistanda «Lu Ban ussahanalaryny» we Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak taslamalarynyň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de, oba hojalygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we «ýaşyl» energetikany ösdürmek barada pikir alşyldy.

Milli Lider duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy. 

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar taryhy Beýik Ýüpek ýoluna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 15:42
879

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
913

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
886

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......