Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 19.03.2026 10:21
  • 8.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Korporasiýanyň ýolbaşçysy Milli Lideri we Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen gutlap, Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. Ol bu gezekki saparyň hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini tassyklaýan wakadygyny belledi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň “CNPC” korporasiýasy bilen özara tejribe alyşmagy dowam etdirmegi, hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklady. Türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar we medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. 

Söhbetdeşligiň dowamynda ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Milli Lider «CNPC-niň» nebitgaz pudagynda ygtybarly hyzmatdaşdygyny belläp, şu ýyl hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygynyň dolmagy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmegi teklip etdi.

Şeýle hem «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň we müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, sebit ähmiýetli Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Serhetabat — Hyrat ugruna üns çekildi.

Daý Houlýan asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginde bitirilýän işler, şeýle-de Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum gurşawy üçin minnetdarlyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna hemişe jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna ynam bildirdi.


düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......