Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi

  • 16.04.2026 15:51
  • 3.9k+

15-nji aprelde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Taraplar saglygy goraýyş we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigi bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Çäräniň dowamynda myhmanlara milli saglygy goraýyş ulgamyna, şol sanda türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklere, ýurduň şypahanalarynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan sergi görkezildi. Sergide dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň dürli görnüşleri hem tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun berildi.

Mundan başga-da, uniwersitetde Adaty däl lukmançylyk otagy açyldy. Dabara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

Dabara uniwersitetiň uly mejlisler zalynda dowam etdi. Onda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekdäki tagallalary we tejribe alyşmak işine goşan saldamly goşandy üçin Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişua M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň hormatly professory diýen ady dakmak baradaky çözgüt beýan edildi.

Saparyň dowamynda hytaý lukmançylyk tejribesini, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri bilen utgaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Munuň tejribe alyşmak we lukmançylykda döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......