Tiz wagtdan Hytaýyň köçelerini janly ösümlikler yşyklandyryp başlar

  • 08.04.2026 16:33
  • 4.3k+

Hytaýly biotehnologlar garaňkyda öz-özünden ýagtylyk saçýan, genetiki taýdan üýtgedilen täze ösümlikleri tanyşdyrdylar. Futurism neşiriniň ýazmagyna görä, bu täsin oýlap tapyş elektrik energiýasyny ulanmazdan, seýilgähleri we syýahatçylyk zolaklaryny yşyklandyrmaga mümkinçilik berer.

Alymlar ösümlikleriň öýjüklerine şöhle saçýan mör-möjekleriň (ýaldyrawuk tomzaklaryň) we ýagtylyk berýän kömelekleriň genlerini ýerleşdirdiler.

Bu tehnologiýa eýýäm günbakar, orhideýa we hrizantema ýaly jemi 20-den gowrak görnüşde şowly synag edildi.

«Garaňkyda öz-özünden lowurdap duran ösümliklerden doly jülgäni görenler, hakyt «Awatar» kinosyndaky dünýä Ýerde peýda boldumyka öýderler» diýip, kompaniýany esaslandyryjy Li Ženhan bu taslamanyň amala aşan ýagdaýyndan soňky görnüşi hakda süýjedip düşündirýär.

Täze tebigy tehnologiýada genetiki hem metal bölejiklerini ornaşdyrmak usuly ulanylar. Birinjide ösümligiň özi ýagtylyk öndürer, oňa diňe suw we dökün berseň, bolany. Ikinjide bolsa, ýapraklaryň içine ýörite metal (stronsiý we alýuminiý) bölejikleri ýerleşdiriler. Olar gündizine Günüň energiýasyny toplap, gijesine bolsa ony yşyk görnüşinde yzyna goýbererler. Şeýle-de, bu usulda ýagtylygyň reňkini hem üýtgedip bolar.

Bu ösümlikler elektrik energiýasyny tygşytlamaga we şäherleriň ekologiýasyny gowulandyrmaga kömek eder. Olar adaty çyralaryň ýerini tutup biljek özbaşdak we tebigy yşyklandyryş usulydyr.


düýn 11:17
4.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....