Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

  • 22.03.2026 15:20
  • 3.4k+

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.

Bu implant oňurga ýiliginiň şikeslenmegi sebäpli bölekleýin ysmaz bolan uly ýaşly hassalar üçin niýetlenendir. Kliniki synaglaryň dowamynda bu ulgam adamlaryň elinde zatlary tutmak we saklamak ukybyny gowulandyrmaga kömek etdi.

Toplum diňe bir implantdan däl-de, eýsem beýni datçikleri, robotlaşdyrylan ellik, hirurgiýa gurallary, beýni signallaryny çözüji algoritmler, lukmançylyk programma üpjünçiligi ýaly birnäçe bölekden ybaratdyr.

Maglumatlara görä, bu tehnologiýa eýýäm 36 meýletinde üstünlikli synag edildi.

Hytaýyň gözegçilik ediji edarasynyň bu karary beýni signallary arkaly elektron enjamlary dolandyrmak ugrunda işleýän hytaý kompaniýalary üçin möhüm ädim boldy. Pekin täze neýrointerfeýsleri «geljegiň pudaklarynyň» hataryna goşdy we bäş ýyla niýetlenen meýilnamanyň çäginde bu ugry goldamagy maksat edinýär.

Hytaý startaplary häzirki wagtda Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy ýaly amerikan ägirtleri bilen bäsleşmäge çalşyp, bu pudagy işjeň ösdürýärler. Degişli ugra goýulýan maýa goýumlary beýleki ýurtlarda hem artýar. Meselem, ABŞ-nyň Science Corp. kompaniýasy beýni implantlaryny işläp düzmek üçin ýaňy-ýakynda 230 million dollar maýa goýumyny çekdi.


düýn 12:08
5.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......