Stellantis täze Opel we Alfa Romeo modellerini işläp düzmegi hytaýlylara tabşyrar

  • 14.04.2026 14:41
  • 1.7k+

Stellantis konserni Opel we Alfa Romeo markalarynyň täze elektromobillerini işläp düzmek boýunça Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Reuters agentligi pudakdaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Garaşylyşy ýaly, hytaýly hyzmatdaş platformany we güýç beriji elektronikany taslamagy öz üstüne alar, modelleriň dizaýny üçin bolsa Ýewropa tarapy jogapkär bolar.

Opel Mokka modeliniň indiki nesli üçin esas hökmünde Hytaýyň Leapmotor B10 krossoweriniň arhitekturasyny ulanmak meýilleşdirilýär. Iki modeliň hem Ýewropa bazary üçin gurnama işlerini Stellantis konserniniň Ispaniýanyň Saragosa şäherindäki zawodynda ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu karar diňe bir taslama işlerinde tygşytlamaga mümkinçilik bermän, eýsem önümçilik kuwwatlyklarynyň goşmaça ýüklenmegini hem üpjün eder — täze «Mokka» modeliniň çykarylyş möçberi ýylda 50 müň birlik bolar diýlip çaklanylýar.

Opel brendi boýunça ylalaşyk eýýäm şu aýyň dowamynda resmi taýdan resmileşdirilip bilner. Alfa Romeo üçin platformany ulanmak baradaky gepleşikler bolsa häzirlikçe başlangyç tapgyrda durýar.

Mundan başga-da, Leapmotor tehnologiýalary Ýewropanyň geljekki «A» klasly awtoulaglarynyň esasy bolup biler.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 20:03
6.5k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....