Hytaýda 90 ýaşly goja maşgalasyny ýitirenden soň, eýýäm 30 ýyl bäri welosipedli ýurda aýlanýar

  • 08.04.2026 11:43
  • 14k+

«South China Morning Post» neşiri Henan sebitiniň 90 ýaşly ýaşaýjysy Çžan Çžunýi baradaky gynançly wakany gürrüň berdi. Bu adam maşgala agzalarynyň ählisini ýitirenden soň, hasrata döz gelmek üçin 30 ýyldyr welosipedli Hytaýa syýahat edýär.

1990-njy ýyllarda dogduk mekanyny terk eden goja müňlerçe kilometr ýol geçdi we wagtyň geçmegi bilen adaty welosipedini üç tekerli welosipede çalyşdy.

Çžan uzak ýyllaryň dowamynda agyr ýatlamalar sebäpli öýüne dolanmakdan gaçandygyny, ýöne indi kalbynda rahatlyk tapandygyny aýdýar.

«Men geçmişi goýberdim. Indi ömrümiň galan bölegini syýahatda geçirmek we tebigatyň gözelliginden lezzet almak isleýärin» – diýip, ol belleýär.

Ýatkeşliginiň gitdigiçe peselýändigine garamazdan, ol nahar we eşik bilen kömek edýän adamlara bil baglap, ýoluny dowam etdirýär. Öz gezeginde, syýahatçy hem adamlar üçin nähilidir bir peýda getirmek isläp, munuň üçin gowy usul tapdy: onuň köne welosipediniň ýüzüne dereksiz ýiten adamlar baradaky bildirişler ýelmenen.


10.05.2026 13:00
11k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

06.05.2026 09:23
4.6k+

Hytaýda ekizleriň halkara festiwaly geçirilýär

Hytaýyň Ýunnan prowinsiýasynyň Moszýan-Hani awtonom uezdinde dünýäniň 20 ýurdundan gelen müňden gowrak ekiztaýlary birleşdirýän «Tropik Raka» atly köpöwüşginli halkara festiwaly başlandy....

04.05.2026 23:04
7.4k+

Hytaýda ilat sanynyň 60 million adam azalmagyna garaşylýar

«South China Morning Post» (SCMP) neşiriniň Rhodium Group ylmy-gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp berýän habaryna görä, Hytaýyň ilaty ýakyn on ýylyň içinde 60 million adam azalyp biler. Bu......

30.04.2026 16:17
4.1k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....