Ilkinji gezek iki sany 200 megapiksel kameraly smartfon satlyga çykdy

  • 05.04.2026 22:12
  • 5.3k+

Hytaýda smartfon dünýäsinde uly seslenme döreden Vivo X300 Ultra satuwa çykaryldy. Bu enjam taryhda ilkinji gezek iki sany 200 megapikselli kamera bilen enjamlaşdyrylan smartfondyr.

Smartfon ýadynyň göwrümine görä dört dürli bahadan hödürlenýär:

  • 12/256 GB (1010 dollar);
  • 12/512 GB (1085 dollar);
  • 16/512 GB (1160 dollar);
  • 16 GB / 1 TB: (1300 dollar).

Smartfonyň professional  derejeli suratlary düşürip bilmegi onuň esasy artykmaçlygydyr. Enjamda Sony tarapyndan ýasalan uly göwrümli Lytia 901 sensory bar. Ikinji 200 MP kamera Samsung ISOCELL HP0 sensory bolup, ol uzakdaky zatlary golaýlaşdyrmak (teleobýektiw) üçin niýetlenendir.

Mundan başga-da, onuň 50 megapikselli ýene bir kamerasy bar.

Smartfon iň täze we iň güýçli Snapdragon 8 Elite Gen5 çipi arkaly işleýär. Batareýasy göwrümi örän uly – 6600 mAch. 100 Wt simli we 40 Wt simsiz çalt zarýad beriş ulgamy bilen üpjün edilen.

Smartfon güýçlidigi bilen birlikde, diýseň dunuklydygy bilenem tapawutlanýar.  Ol suwdan we tozandan iň ýokary derejede–IP69 standarty bilen goralan.

Gyzykly ýeri, enjamyň iň gymmat (1 TB) görnüşinde hatda hemra arkaly habarlaşmak mümkinçiligi hem bar.


10.06.2026 11:22
1.7k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

09.06.2026 23:04
2.6k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....