Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň wekili bilen «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegini maslahatlaşdy

  • 16.04.2026 22:10
  • 9.1k+

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Ol ýurdumyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Pekiniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ileri tutulýan ugur hökmünde garaýandygyny nygtap, Si Szinpiniň salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutany öz gezeginde HHR-iň Baştutanyna mähirli salamyny beýan edip, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň binýadyna öwrülen ýokary derejeli ynamy we özara hormaty belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar strategik hyzmatdaşlygy berkitmek we täze energetika taslamalaryna badalga bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Serdar Berdimuhamedow şu ýyl iki ýurduň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolmagynyň strategik ähmiýetini nygtady. Mary welaýatyndaky «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça ertir başlanjak işler bu ugurdaky möhüm amaly ädim bolar.

Prezident bu üstünlikleriň işjeň syýasy gepleşikler, şol sanda özüniň geçen ýyl Hytaýa amala aşyran sapary we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndaky sapary netijesinde mümkin bolandygyny belledi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň esasy guraly bolup durýan Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň işine degip geçdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň we «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Türkmen we hytaý halklarynyň medeni-taryhy mirasynyň hem-de ruhy gymmatlyklarynyň baglanyşmagynyň bilelikdäki ynsanperwer taslamalar üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Din Sýuesýan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki döwletiň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......