Guşlar, tilkiler we duman: Nandagang surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 21.03.2026 02:08
  • 2.9k+

Hytaýdaky Nandagang suw-batgalyk ýerleri dünýäniň iň gowy suratçylarynyň ünsüni özüne çekýän ýere öwrüldi. Olar bu tebigat goraghanasyna bagyşlanan uly halkara bäsleşigine gatnaşdylar.

Gündogar Aziýa-Awstraliýa migrasiýa ýolunda ýerleşýän bu özboluşly ýer göçegçi guşlar üçin möhüm dynç alyş nokady bolup hyzmat edýär we ýabany tebigatyň el degrilmedik keşbini saklap gelýär.

Ählumumy taslama gatnaşyjylar bize umumy geljegimiz üçin biodürlüligi gorap saklamagyň möhümdigini ýatlatmak bilen, gysga pursatlyk tebigy hadysalary çuňňur wizual wakalara öwürmäge çalyşdylar.

Emin agzalary işlere üç ugur boýunça baha berdiler: Nandagangyň guşlary, bütindünýä mirasynyň landşaftlary hem-de ýabany tebigat we daşky gurşaw.

Planetanyň näzik deňagramlylygyny suratlandyrýan iň gowy işleriň arasynda aşakdaky suratlar we olaryň awtorlary tapawutlanýar:

Bäsleşigiň baş baýragy: "Mährem öý" / © Çen Sýufen

“Ýabany tebigat we daşky gurşaw” kategoriýasynda birinji orun: uçýan tilki / © Nafis Amin

“Nandagangyň suw-batgalyk ýeriniň guşlary” kategoriýasynda birinji orun: "Göçegçiligiň yzlary" / © Sun Wenfen

“Dünýäniň suw-batgalyk ýerleriniň landşaftlary” kategoriýasynda birinji orun: Joşgunly pul agajy / © Çžan Sýuý

“Ýabany tebigat we daşky gurşaw” kategoriýasynda ýokary baha berlenler:

“Yzyma düş” / © Arghýa Adhikari

"Gyşyň sessiz çagyryşy" / © Çžo Thu Waý

“Geçiş dessury” / © Somdutt Prasad

"Ýaprakdaky penjire" / © Salahuddin Ahmed

"Maşgala gujagy" / © Utum Metsara Jaýawera

"Howa söweşi" / © Lourens Wuster

Bäsleşigiň esasy maksady diňe dumanly batgalyklaryň gözelligini ýa-da dogup barýan Günüň şöhleleri astynda durnalaryň gözelligini görkezmek däl, eýsem adamlar bilen ekoulgamyň arasyndaky gatnaşygyň çuňňur manysyny öwrenmekdir. Nandaganyň tebigaty goramagy ileri tutmagyň biologik deňagramlylygy saklamaga nähili kömek edýändiginiň janly mysaly bolup hyzmat edýär.


şu gün 19:36
1.2k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

düýn 22:32
3.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 11:17
4.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....