Hytaýyň Unitree H1 roboty tizlik rekordyny goýdy — 36 km/sag tizlige ýetdi

  • 15.04.2026 18:26
  • 2.5k+

Hytaýyň adam şekilli Unitree H1 roboty sekuntda 10 metre çenli tizligini artdyryp, androidleriň arasynda tizlik rekordyny goýdy. Bu barada «Humanoids Daily» neşiri habar berýär.

Robot 100 metr aralygy ylgap geçip, bäsdeş modelleriň görkezijileri bilen deňeşdirip boljak netije görkezdi. Onuň agramy 62 kg, aýaklarynyň uzynlygy bolsa, takmynan, 0,8 metre deň. Sagat hasabyna geçirilende, onuň tizligi, takmynan, 36 km/sag ýetýär. 2024-nji ýylyň başynda bu görkeziji häzirki netijeden üç esse diýen ýaly pesdi.

Deňeşdirmek üçin, adamyň ýetip biljek iň ýokary tizligi sekuntda 12,42 metr bolup, oňa sprinter Useýn Bolt ýetipdi. Şeýlelikde, häzirkizaman robotlary eýýäm hünärmen türgenleriň derejesine golaýlaşýar we adamlaryň köpüsinden has çalt hereket edip bilýär.

Hünärmenleriň bellemegine görä, tizligiň artmagy diňe bir gurluşyň üýtgemegi bilen däl, eýsem, ilkinji nobatda, programma üpjünçiliginiň kämilleşmegi bilen baglydyr. Mysal üçin, Tesla Optimus roboty 2,7 m/sek tizlik bilen hereket edýär.

Şeýle tehnologiýalaryň ösmegi maýadarlaryň gyzyklanmasy bilen hem baglanyşyklydyr: Unitree kompaniýasy birža çykmaga taýýarlanýar. Şu aýyň ahyrynda Pekinde 300-den gowrak adam şekilli robotyň gatnaşmagynda ýarym marafon geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 17:37
1.7k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......