16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär

  • 06.04.2026 21:45
  • 5k+

Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene mynasybetli ýörite ýatlama suratlaryny paýlaşdy.

Üstünlikli menziliň ilkinji ädimi 2010-njy ýylda döredilen MIUI programmasy bolupdy. 2011-nji ýylda çykan ilkinji smartfon – Xiaomi Mi 1 bary-ýogy 34 sagadyň içinde 300 müňden gowrak sargyt alyp, uly seslenme döretdi.

2026-njy ýylyň başyndaky maglumatlara görä, Xiaomi dünýäde akylly sagatlar we bilezikler bazarynda iň köp haryt satan kompaniýa bolup, birinji orna geçdi.

Kompaniýa diňe bir telefon bilen çäklenmän, öý tehnikalaryndan başlap, häzirki zaman elektromobillerine çenli hemme zady öndürýär.

Xiaomi bu üstünlikleriň üstüni täze görkezijiler bilen doldurmak isleýär. Şoňa görä-de,  kompaniýa ýakyn 3 ýylyň içinde emeli aňy ösdürmek üçin $8,7 milliardan gowrak pul sarp ediler. Bu uly möçberli serişde ähli enjamlaryň (telefondan maşyna çenli) emeli aň bilen has akylly we sazlaşykly işlemegi üçin ulanylar.

Bir söz bilen aýdylanda, ýönekeýje bir programmadan başlanan Xiaomi 16 ýylyň içinde biziň durmuşymyzy biri-birinden akylly enjamlar bilen gurşap almagy başardy.


şu gün 10:51
563

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......