Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyryny özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi

  • 21.03.2026 01:05
  • 8.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Galkynyş» äpet gaz käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Döwlet Baştutanynyň 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, bu resminama ýurduň gaz pudagyny ösdürmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Gepleşikler Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirildi. Wise-premýeriň sözlerine görä, taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa bolan saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemek bilen, Döwlet Baştutany saparyň çäklerinde gaz pudagy boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny nygtady. Şeýle hem bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etjekdigi bellenildi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......