Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

  • 16.04.2026 14:28
  • 4.4k+

15-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. TDH-niň belleýşi ýaly, myhman ýurda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça geldi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi we ony mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Din Sýuesýan HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň salamyny ýetirdi we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda halkara giňişlikde, şol sanda BMG-niň we «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy halkara meseleler boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigi bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny nygtady.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologik we medeni-ynsanperwer ulgamlary ýaly giň ugurlary öz içine alýandygy bellenildi.

Şunda ýangyç-energetika hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Häzirki wagtda amala aşyrylýan we türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslama munuň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň CNPC korporasiýasy bilen bilelikde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryna başlanar.

Şeýle hem «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» hytaý başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbidine dürli ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdi.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
824

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......