Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi

  • 17.04.2026 15:20
  • 1.4k+

16-njy aprelde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.

Umumy mejlisiň öňüsyrasynda komitetiň ýolbaşçylarynyň duşuşygy bolup, onda ikitaraplaýyn gepleşikleriň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň tagallalary netijesinde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykandygy bellenildi.

Mejlisde komitetiň syýasat, ykdysadyýet we ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň möhüm guraly bolup galýandygy nygtaldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi: Hytaý Türkmenistanyň iň iri hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Taraplar söwdany giňeltmek we telekeçilik düzümleriniň özara gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek meselelerini maslahatlaşdy.

Energetika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry bolup galýar. Komitetiň agzalary hereket edýän ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi taslamasynyň çäklerinde energiýa serişdeleriniň eksportynyň möçberini artdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Şeýle hem ulag we logistika ulgamyny ösdürmek, «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» başlangyçlarynyň özara baglanyşygy, şol sanda demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.

Senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar, bilim we medeni alyş-çalyş meselelerine hem üns berildi. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.


şu gün 15:08
217

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

şu gün 12:22
1k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

şu gün 12:11
4k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 18:11
4.6k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......