Hytaýda it-pişikler üçin gije-gündiz işleýän teleýaýlym açyldy

  • 11.04.2026 14:28
  • 4k+

Hytaýda öý haýwanlarynyň görüş we eşidiş ukybyna görä ýörite taýýarlanan tölegli teleýaýlym işe başlady. Bu kanal «VIP-ýazylyşygy» bolan müşderiler üçin elýeterli bolup, ol it-pişikleriň nerw ulgamyna oňat täsir edýär diýip, AFP agentliginiň habar berýär. Hytaýyň meşhur WeChat ulgamynda bolsa bu hyzmat barada: «Siziň tüýlek dostlaryňyz üçin ýörite döredilen 24 sagatlaýyn bagt merkezi» diýlip bellenilýär.

Teleýaýlymyň gepleşikleri dürli it tohumlarynyň (mysal üçin, labradorlaryň we mopslaryň) görüş aýratynlyklaryna görä taýýarlanyp, reňkleri we kadrlaryň çalşygy adaty ýaýlymlardan tapawutlanýar.

Onda haýwanlar üçin iki sany rejim bar. Olaryň birinjisi – gorkak haýwanlary köşeşdirýän owadan tebigat we sazlardan ybarat bolan, ikinjisi bolsa, haýwanlaryň akyl ukybyny ösdürmäge kömek edýän gyzykly gepleşikler.

Hytaýda öý haýwanlaryna degişli bazar örän çalt ösýär. Aýda 25 ýuan (takmynan 3,5 dollar) bolan bu hyzmat hem şonuň üçin bir mysalydyr. Maglumatlardan çen tutsaň, 2028-nji ýyla çenli Hytaýyň şäherlerinde öý haýwanlary üçin edilýän çykdajylar 59 milliard dollara ýeter.

Häzirki wagtda Hytaýda bir ite ýylda ortaça 435 dollardan, bir pişige bolsa 290 dollardan gowrak pul sarp edilýär.


düýn 23:15
3.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......

12.05.2026 21:16
1.5k+

Sofiýada «Cat Show Expo» halkara sergisi geçirildi

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan 150-den gowrak pişigi bir ýere jemlän «Cat Show Expo» halkara sergisi boldy....

10.05.2026 20:34
6.5k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

10.05.2026 13:00
11k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......