Türkmenistan hytaý atşynaslaryny Türkmen bedewiniň baýramyna çagyrdy

  • 20.03.2026 11:40
  • 4.8k+

Hytaýyň «Equuleus» halkara atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň ýerli muşdaklarynyň öňünde çykyş eden Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda atçylygyň ösdürilişi barada gürrüň berdi we hytaý tarapyny halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

«Biz ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şanyna iki gezek baýramçylyk dabarasyny geçirýäris. Olaryň biri, ýagny Türkmen bedewiniň milli baýramy öňümizdäki aýyň soňky ýekşenbesinde geçiriler. Ahalteke bedewine bagyşlanan beýleki dabaralar — at çapyşyklary, sergiler bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň çäklerinde guralýar» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Onuň sözlerini TDH getirýär.

«Biz ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretdik» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi we özüniň bir wagtlar bu assosiasiýanyň prezidenti bolandygyny, häzirki wagtda bolsa oňa döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýändigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda ahalteke atlary bilen bir hatarda, türkmen alabaýlarynyň hem ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns berilýändigini belledi. Bu it tohumynyň wekilleri özüniň beden gurluşy we uly güýji bilen tapawutlanýar. Isleg bildirýänleriň hemmesi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna agza bolup biler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentiniň adyndan hytaý tarapyny aprel aýynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu baýramyň çäginde guralýan ylmy-amaly maslahaty sentýabr aýynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlap hem geçirip bolar. Bu maslahatyň dowamynda isleg bildirýänleriň hemmesi bu assosiasiýanyň agzasy bolup biler diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Myhmanlar üçin Arkadag şäherinde bedewlere bagyşlanan giňişleýin tanyşlyk gezelenji guralar. Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşyga gatnaşyjylaryň hemmesini sentýabrda boljak baýramçylyk dabaralarynyň hormatly myhmany bolmaga çagyrdy.

«Bu biziň umumy baýramymyzdyr. Dabaralaryň dowamynda ahalteke bedewlerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar» diýip, ol sözüniň ahyrynda hytaýly atşynaslara bu ajaýyp atlary ýetişdirmek we wagyz etmek ugrunda edýän işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykdan soň ähli gatnaşyjylar Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofengiň haýyşy boýunça bilelikde ýadygärlik surata düşdi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......