5.3k+

Nikol Kidman Clé de Peau Beauté kosmetika brendiniň ýüzi boldy

Shiseido kompaniýalar toparyna girýän Clé de Peau Beauté kosmetika brendi Nikol Kidmany markanyň täze global ilçisi hökmünde yglan etdi. Kompaniýanyň resmi beýanynda awstraliýa-amerikaly aktrisasynyň ekrandaky we durmuşdaky täsirli şahsyýeti, aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak meselesinde eýeleýän işjeň orny bilen tanalýandygy bellenildi...

3.3k+

ABŞ emeli aň pudagynda öňde barýar, Hytaý ikinji orunda

ABŞ emeli aňyň ösüş derejesi boýunça ýurtlaryň global reýtinginde birinji orunda durýar. Hytaý ikinji orny, Beýik Britaniýa üçünji orny eýeledi. Şeýle maglumatlar Hytaýyň Ylmy we tehnologiki maglumat instituty tarapyndan Pekin uniwersiteti bilen bilelikde hödürlenen EA pudagynda global innowasiýa indeksi baradaky hasabatda getirilýär...

6.8k+

ABŞ we ÝB söwda ylalaşygyny gazandy. Ýewropa ýurtlary üçin gümrük paçlary 15% bolar

ABŞ bilen Ýewropa Bileleşigi söwda şertnamasyna gol çekdi. Onuň şertleri boýunça Waşington Ýewropa harytlarynyň, şol sanda awtomobilleriň importy üçin gümrük paçlary 15%-e çenli azaltdy. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Şotlandiýada Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy diýip, Bloomberg habar berýär...

7.3k+

“Koýot vs. Akme” animasion-oýun filminiň çykjak senesi belli boldy

“Koýot vs. Akme” (Койот против „Акме“) filmi 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda ABŞ-da prokata çykar. Bu barada Comic Con konwentinde taslamanyň tanyşdyrylyşyndan soň yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Reliziň senesi ilkinji resmi posterde hem görkezildi, onda koýotyň silueti bilen ýerdäki jaýryk şekillendirilýär...

5.4k+

Volvo XC 70 wnedorožnigi skandinaw äheňine eýe boldy

Volvo kompaniýasy XC70 wnedorožniginiň täze modelini çykardy. Geçirilýän gibrid özünde skandinaw äheňli ýokary tehnologiýany jemleýär. XC70 SMA-nyň platformasynda gurlan. Güýç gurluşy 1,5 litrlik benzinli hereketlendirijiden we 120 kW kuwwatly elektrik hereketlendirijisinden ybarat...

3.5k+

Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin bot peýda boldy

Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin resmi bot peýda boldy. Bu barada “Kod Durowa” habar berýär. Täze gural mini-programma esaslanýar we ýüzi skanirlemek funksiýasyny ulanýar. Boty aýratyn ýa-da sazlamalar menýusy arkaly işe girizmek bolýar...

7.1k+

Ýaponiýada zenanlaryň ortaça ömür dowamlylygy 87,13 ýyla deň boldy

Ýaponiýa zenanlaryň arasynda ömür dowamlylygy boýunça eýýäm 40-njy gezek dünýä rekordyny täzeledi diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan NHK habar berdi. Resmi san maglumatyna görä, 2024-nji ýylda ýurtda zenanlaryň ortaça ömri 87,13 ýaş, erkekleriňki bolsa 81,09 ýaş boldy...

6.1k+

Bukingem köşgünde şa zenany Ýelizaweta II-niň lybaslarynyň sergisi açylar

2026-njy ýylyň ýazynda Bukingem köşgünde monarhyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli “Şa zenany Ýelizaweta II: onuň owadan durmuşy” atly sergi açylar. Şa galereýasyndaky sergide şa zenanyň lybaslary we esbaplary, şol sanda 1947-nji ýylda geçen toýunda we 1953-nji ýylda täç geýdiriliş dabarasynda geýen meşhur egin-eşikleri görkezilýär...

7k+

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri öňde boljak bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar

28-nji iýulda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek hem-de öňde boljak sebit we halkara çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar...

5.2k+

Bakuwda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

28-nji iýulda Bakuwda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýewiň we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň başlyklyk etmeginde geçirildi...

11k+

Samsung Galaxy Z Fold7 smartfony berklik synagyndan geçdi

Samsung Galaxy Z Fold7 smartfony JerryRigEverything lakamy bilen belli bolan YouTube blogeri Zak Nelson tarapyndan geçirilen synagda ýokary berkligi görkezdi. Sypjyryklara çydamlylyk birneme gowşak boldy: daşky ekranda çyzyk yzlary Moos şkalasy boýunça 6-njy derejede peýda boldy, çeýe içki displeýiň gorag plýonkasy bolsa eýýäm gatylygy 2 bolan guralyň täsirinde çyzyldy...

4.2k+

BYD Galaxy Watch akylly sagatlaryny öz ulaglary üçin açar edip ulanar ýaly etdi

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi hytaý brendleriniň içinde ilkinji bolup Samsung Galaxy Watch akylly sagatlarynda sanly düwmelere goldawy ornaşdyrdy. NFC tehnologiýasyny ulanýan bu funksiýa häzirlikçe diňe Hytaýda bar, ýöne geljekde beýleki bazarlarda hem peýda bolup biler diýip Sammobile ýazýar...

6.3k+

Rolls-Royce gadymy Dunhuana gaýa suratlarynyň stilinde üç awtoulag döretdi

Rolls-Royce kompaniýasy özüniň Bespoke atelýesinde gadymy Dunhuana freskleriniň stilinde bezelen üç sany - Phantom, Cullinan we Spectre awtoulaglaryny görkezdi. Müň ýyldanam gowrak ozal döredilen bu gaýa suratlary buddizm sungatyny şöhlelendirýär we Merkezi Aziýanyň taryhy hem-de medeniýeti barada gymmatly maglumat çeşmesi hasaplanýar...

6.4k+

Maýkl Jekson hakyndaky filmiň ilkinji görkeziljek senesi üçünji gezek yza süýşürildi

Maýkl Jekson hakyndaky "Maýkl" filminiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 24-nji apreline yza süýşürildi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu eýýäm baýopigiň çykaryljak senesiniň üçünji gezek üýtgedilişi: başda film 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde görkezilmelidi, soň ol üstümizdäki  ýylyň 3-nji oktýabryna yza süýşürildi...

1.4k+

YouTube Shorts-da indi suratlardan we tekstden wideo döretmek üçin gurallar peýda boldy

YouTube Shorts gysga dik wideolaryň döredilmegini aňsatlaşdyrmak üçin AI bilen işleýän täze gurallary hödürledi. Bu barada wideo hyzmatynyň blogunda habar berilýär. Täze girizilen gurallaryň arasynda suraty wideo öwürýän funksiýa, AI-animasiýaly wideo effektler, şeýle hem tekst görkezmelerine esaslanyp wideo, şekil we saz döretmäge mümkinçilik berýän AI Playground redaktoryny öz içine alýar...

5.3k+

“Awatar: Ot we kül” filminiň ilkinji treýleri çykdy

20th Century Studios kompaniýasy “Awatar: Ot we kül” (“Avatar: Fire and Ash”) filminiň – Jeýms Kemeronyň epiki kinofranşizasynyň üçünji bölüminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Resmi relizinden öň treýler birnäçe günüň dowamynda ABŞ-nyň käbir kinoteatrlarynda çäkli görkezildi...