Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy

  • 20.12.2025 12:09
  • 3.4k+

Tokioda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berdi.

Döwlet Baştutany iki ýurdy syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk däpleriniň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, özara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, ykdysady ulgamlarda alnyp barylýan bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň zerurdygy barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýapon işewürliginiň, maliýe institutlarynyň, ugurdaş agentlikleriň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşýan goşandyny belläp, täze önümçilikleri döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekdi. Şeýle-de türkmen tarapynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, wodorod tehnologiýalary ýaly «ýaşyl» geçiş bilen bagly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ylym-bilim, medeniýet, ýaşlar, sport ulgamlary hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......