19-21-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň Nawaýy şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça "ARKALAŞYGYŇ KUBOGY" (CUP OF COMMONWEALTH) atly halkara çempionat geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary taýýarlygyň ýokary derejesini görkezip, dürli ýaş derejelerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Altyn medallaryň eýeleri:
- Meýlis Paşagulyýew — Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça ýygyndy toparynyň kapitany, 18 ýaşdan uly türgenleriň arasynda, 80 kg-dan uly agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy.
- Annadurdy Gurbangylyjow — Türkmenistanyň Serhet gullugynyň işgäri, 18 ýaşdan uly türgenleriň arasynda, 70 kg-a çenli agram derejesinde birinji orny eýeledi.
- Medine Daňatarowa — Aşgabat şäherindäki 88-nji orta mekdebiň okuwçysy, 16-17 ýaşly gyzlaryň arasynda, 60 kg-a çenli agram derejesinde altyn medalyň eýesi boldy.
Kümüş medal:
-
Umyt Şükürow — 16-17 ýaş derejesinde, 55 kg-a çenli agramda çykyş edip, çempionatyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Halkara çempionatyna Gazagystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Türkmenistan, Pakistan, Eýran, Azerbaýjan, Alžir we Kongo ýaly döwletlerden jemi 480-e golaý türgen gatnaşdy. Şeýle uly bäsleşikde ildeşlerimiziň gazanan üstünligi türkmen sportunyň halkara abraýynyň belentdigini ýene bir gezek subut etdi.
