Tom Kruz «Diri galan» filminiň režissýorynyň täze taslamasyna gatnaşdy

  • 20.12.2025 16:49
  • 2.7k+

Warner Bros. we Legendary Entertainment studiýalary baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmeginde «Digger» («Gazyjy») filminiň ilkinji tizerini we posterini hödürledi. Filmiň režissýory bolup Alehandro Gonsales Inýarritu çykyş etdi diýip, Variety habar berýär.

Döredijiler filmi «betbagtçylykly komediýa» hökmünde suratlandyrýar. Sýužetiň merkezinde global betbagtçylygyň öňüni almaga synanyşýan dünýädäki iň güýçli adam durýar. Şu maksat bilen ol ykbalyny üýtgedip biljek çylşyrymly we howply missiýa ugraýar.
Tizerde baş gahryman eli pilli tans edýär. Ähtimal, Tom Kruzyň gahrymany birhili geň bolsa gerek.
Inýarritu üçin bu «Diri galan» (Выживший) filminden soň ilkinji iňlis dilindäki iş boldy. Ol ssenarini «Býordmeniň» awtordaşlary Nikolas Jakobone we Aleksandr Dinelaris, şeýle-de Sabina Berman bilen bilelikde ýazdy.
Tom Kruz we Inýarritu taslamanyň prodýuserleri hökmünde-de çykyş edýär. Filme Sandra Hýuller, Jon Gudman, Maýkl Stalberg, Sofi Uaýld, Jessi Plemons we Riz Ahmed hem gatnaşdy.
«Digger» Tom Kruz bilen Warner Bros.-yň 2014-nji ýylda çykan «Geljegiň çägi» filminden bäri ilkinji bilelikdäki taslamasy boldy.
Film 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda prokata çykar. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....