Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi

  • 21.12.2025 12:25
  • 3.4k+

20-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitinde eden çykyşynda birnäçe möhüm teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, döwlet Baştutany öz çykyşynda Türkmenistanyň energiýa tygşytlaýjy, metal zyňyndylaryny azaltmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini we beýleki ugurlaryny ornaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belläp, wodorod energetikasy meselesine aýratyn ünsi çekdi.
Wodorodyň geljegiň energiýasydygyna düşünmek bilen biz häzirden ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny öwrenmäge girişdik. “Sukuba” uniwersiteti hem-de onuň degişli düzüm bölekleri biziň bu ugurdaky hyzmatdaşymyzdyr. Umuman biz, “ýaşyl” energetika, energiýa tygşytlaýjy hem-de ekologiýa taýdan arassa önümçilik ulgamynda baý tejribä hem-de ýokary tehnologiýalara eýe bolan Ýaponiýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýäris.

“Dialogyň çäklerinde, durnukly ösüşi üpjün etmekde ählumumy tagallalaryň bölegi hökmünde Merkezi Aziýada “ýaşyl ösüşe geçmegiň” umumy çemeleşmelerini işläp taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýarys” diýip, döwlet Baştutany belledi.

Möhüm ugurlaryň hatarynda şeýle hem adam mümkinçiliklerini ösdürmek bellenilip geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýaşlaryň, talyplaryň we akademiki toparlaryň gatnaşyklaryny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” Ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini aýtdy, şeýle hem “Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň Dialogy” atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany sammite gatnaşyjylardan 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagy haýyş etdi.
Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitiniň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet we energetika babatda ministrler derejesindäki Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.


düýn 22:20
3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......