«Awatar 3: Ot we kül» filminiň dünýä derejesinde görkezilişi boldy

  • 20.12.2025 22:16
  • 4.6k+

Jeýms Kemeronyň «Awatar: Ot we kül» filminiň global premýerasy boldy. Film 18-nji dekabrda Ýewropanyň we GDA-nyň köp ýurtlarynda, şeýle-de Hytaý, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Ispaniýa, Hindistan, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Koreýa ýaly esasy bazarlarda prokata çykdy. Filmiň Demirgazyk Amerikada relizi 19-njy dekabrda boldy diýip, Deadline ýazýar.

Filmiň ilkinji uikendde dünýä boýunça 340–380 mln dollar ýygnamagyna garaşylýar. Bu görkeziji franşizanyň 2022-nji ýylda degişli döwürde 444 mln dollar ýygnan «Awatar: Suwuň ýoly» bölüminiň netijesinden pesdir. Halkara prokatda filmiň 250–275 mln dollar, ABŞ-da 90 mln dollardan gowrak ýygnamagyna garaşylýar.
Üçünji «Awatar» 2025-nji ýylda «Haýwanlar şäheri 2» multfilminden soň ilkinji girdejileri boýunça ikinji orny eýeläp biler.
Filmiň sýužeti wulkanlaryň golaýynda ýaşaýan Na’wi urugyna ünsi jemleýär. Bu bölümde esasy gürrüň berijiniň keşbi Jeýk Salliden ogly Loaka geçdi. Öz rollaryna Sem Uortington, Zoi Saldana, Keýt Uinslet we Sigurni Uiwer gaýdyp geldi.
Tankytçylar Jeýms Kemeronyň täze filmine öňki bölümlerden pes baha berdi. Rotten Tomatoes saýtynda onuň reýtingi 67% boldy.
Syn berijiler filmiň wizual keşbiniň ýokary derejededigini, ýöne sýužet öwrümleriniň gaýtalanýandygyny we täze bir zady goşmaýandygyny belleýär.
Häzirki wagtda önümçilikde franşizanyň ýene iki bölümi bar. Olaryň çykmagy 2029-njy we 2031-nji ýyllaryň dekabryna meýilleşdirilýär.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....