Ford birnäçe elektrokarlaryndan ýüz öwürýär, LG bilen şertnamasyny ýatyrýar we 19,5 mlrd dollary hasapdan aýyrýar

  • 20.12.2025 19:11
  • 4.4k+

Ford kompaniýasy elektrik awtoulaglarynyň birnäçe modeliniň önümçiligini bes edýändigini we 19,5 milliard dollarlyk aktiwlerini hasapdan aýyrýandygyny yglan etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, awtoulag öndürijisi elektrikleşdirme syýasatyny düýpli gözden geçirýär we öň meýilleşdirilen birnäçe taslamadan dänýär.

Täze strategiýanyň çäginde Ford kompaniýasy LG Energy Solution bilen baglaşan 6,5 milliard dollarlyk şertnamasyny ýatyrdy. Bu ylalaşyk 2027-nji ýyldan 2032-nji ýyla çenli akkumulýator üpjünçiligini göz öňünde tutýardy. Bu ädim LG-niň maliýe görkezijilerine düýpli täsir eder, sebäbi şertnamanyň göwrümi üpjünçiniň ýyllyk girdejisiniň tas 30%-ine deňdir.
Resmi beýanata görä, kompaniýa doly elektrikli F-150 Lightning pikabynyň ornuna ýöreýiş aralygy artdyrylan täze modeli hödürleýär. Täze modifikasiýa gibrid bolup, onda benzinli hereketlendiriji diňe batareýany zarýadlamak üçin ulanylar.
Mundan başga-da, kompaniýanyň ýolbaşçy düzümi "T3" kod ady bilen meşhur bolan täze nesil elektrikli ýük awtoulagynyň işlenip düzülmeginden we meýilleşdirilen elektrikli täjirçilik furgonlarynyň önümçiliginden ýüz öwürmek barada karar kabul etdi.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....