Mercedes-Benz 2026-njy ýylyň gibrid CLA 220 modeliniň jikme-jikliklerini mälim etdi

  • 20.12.2025 19:30
  • 5.8k+

Mercedes-Benz kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň gibrid CLA 220 sedanynyň güýç beriji gurluşynyň tehniki aýratynlyklaryny açyklady diýip, "Car News China" neşiri habar berýär. 



Awtoulag Hytaýyň Geely kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen 1,5 litrlik M252 turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. 188 at güýjüne eýe bolan bu motor Miller sikli boýunça işleýär we Hytaýda öndüriler. Hereketlendiriji 8F-eDCT transmissiýasyna ornaşdyrylan 30 at güýjündäki elektromotorly 48 woltlyk gibrid ulgamyna birikdirilen.
Gurluşyň umumy kuwwaty 208 at güýjüne we 380 Nm aýlanma pursatyna deňdir.
Agramy 1630 kg bolan sedan 0-dan 100 km/sag tizlige 7,1 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 210 km/sag bilen çäklendirilen. Awtoulag 97 km/sag tizlige çenli "erkin akymda" (engine-off coasting) hereket edip bilýär we 27 at güýjünden az agramlylyk ýagdaýynda diňe elektrik dartyş güýjüni ulanyp bilýär. Energiýa netijeliligi 1,3 kWt/sag sygymly batareýa we 25 kWt çenli kuwwaty bolan rekuperasiýa (energiýany yzyna gaýtarmak) ulgamy arkaly üpjün edilýär.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.5k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......