Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

  • 30.04.2026 16:52
  • 4.4k+

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly diýen netijä geldi.

Interýeriň esasy bölegi bolan uly Hyperscreen ekrany saklanyp galar. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu ekran awtomobiliň döwrebap keşbini emele getirýär, interfeýsi şahsy islege görä sazlamaga mümkinçilik berýär we ähli funksiýalary bir ýere jemleýär. Emma ulanyjylar sensor arkaly dolandyrmagyň elmydama amatly däldigini belledi. Hususan-da, awtomobil hereket edip barýarka, klimat-kontrol sazlamalary we beýleki esasy funksiýalary ýerine ýetirmekde kynçylyklar ýüze çykýar.

Netijede, Mercedes fiziki dolandyryş elementlerini yzyna gaýtaryp başlady. Ruldaky sensor panelleri adaty düwmeler we rolikler bilen çalşyrylýar. Geljekde kompaniýa iki çemeleşmäni hem utgaşdyrmagy meýilleşdirýär: ekranlar interfeýs we wizual bölek üçin jogap berer, düwmeler bolsa esasy funksiýalara çalt elýeterli bolmagy üpjün eder.

Häzirki wagtda beýleki awtomobil öndürijileri hem bu çemeleşmäni göz öňünde tutýar, sebäbi doly sensorly dolandyryşyň hakyky şertlerde onçakly amatly däldigi anyklandy.


düýn 15:11
2.6k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.5k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

07.06.2026 19:49
2.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......