Prime Video Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň tizer-treýlerini görkezdi

  • 20.12.2025 17:27
  • 2.5k+

Prime Video režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Şeýle-de, striming taslamanyň sekiz bölüminiň ählisiniň 4-nji martda elýeterli boljakdygyny habar berdi.

Sýužet 1870-nji ýyllarda Oksfordda ýaýbaňlanýar we Şerlok Holmsyň durmuşynyň irki ýyllaryna bagyşlanýar. Wakanyň merkezinde özüniň ilkinji derňew işiniň başyna geçýän ýiti häsiýetli we pitneçi garaýyşly ýetginjek durýar. Ol ölüm bilen bagly işiň üstünde işleýän wagty ykbalyna täsir etjek halkara dildüwşügiň üstünden barýar.
19 ýaşly detektiwiň keşbini «Soň» (После) melodramasynyň ýyldyzy Hiro Faýns-Tiffin ýerine ýetirdi. Şeýle-de, aktýorlar düzümine Donal Finn, Sen Szine, Jozef Faýns, Nataşa MakElhon, Maks Aýrons we Kolin Fýort girdi.
Taslama Endrýu Leýniň meşhur detektiwiň kemala gelşine bagyşlanýan spin-off kitaplaryna esaslanýar. Gaý Riçi serialyň ilkinji iki bölümini düşürdi we ýerine ýetiriji prodýuser bolup çykyş etdi.
Režissýor üçin bu Şerlok Holmsyň dünýäsine ilkinji gezek ýüzlenmegi däl. Ozal ol «Şerlok Holms» (2009) we «Şerlok Holms: Kölegeleriň oýny» (2011) filmlerini düşürdi. Olarda baş keşpleri Robert Dauni-kiçi (Şerlok) we Jud Lou (doktor Watson) ýerine ýetirdi.  


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....