Fizikler eliňde ody saklamaga mümkinçilik berýän dury materialy oýlap tapdylar

  • 21.12.2025 13:20
  • 3.7k+

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň fizikleri binalary ýylatmagyň usullaryna düýpli täsir edip biljek MOCHI diýlip atlandyrylýan dury ýylylyk izolýasiýa materialyny döretdiler. Bu özboluşly oýlap tapyş barada Science žurnalynda habar berildi.

MOCHI — bu mikrodeşikli silikon gel bolup, onuň düzüminiň takmynan 90%-i howadan ybarat. Daşky görnüşi boýunça ol ýuka, dury plýonka meňzeýär, ýöne onuň içinde adamyň saçynyň taryndan hem inçe mikroskopiki deşikler ulgamy bar. Bu deşiklerde galýan howa ýylylygy saklaýar we onuň daşary çykmagynyň öňüni alýar. Işleýiş prinsipi boýunça bu material NASA-nyň ulanýan aerogellerine meňzeýär, ýöne olardan tapawutlylykda ýagtylyk saçmaýar we düşýän şöhleleriň diňe 0,2%-ini serpikdirýär (bu bolsa onuň aýna ýaly dury bolmagyny üpjün edýär).

"Dogry saýlanan gurluşyk materiallary juda az ýa-da asla energiýa sarp etmezden, içerki giňişlikde amatly şerti döretmäge mümkinçilik berýär. Penjireler ahyrsoňy biziň däp boýunça göz öňüne getirýänimizden has giň funksiýalary ýerine ýetirip biler" diýip, barlagyň esasy awtory Iwan Smalýuh belledi.

Synaglaryň dowamynda sowuk penjirä MOCHI gatlagy ýapyldy. Bu material durulygyny doly saklap, ýylylyk ýitgisini takmynan 95% azaltdy. Häzirki wagtda penjireleri we fasadlary ýylatmak üçin ulanylýan materiallaryň dury däldigini we köplenç estetiki taýdan gelşiksizdigini göz öňünde tutsak, täze işläp taýýarlama bu ugurda düýpli öňegidişlik bolar. Laboratoriýa şertlerinde MOCHI-niň hatda ýuka listleri hem gönüden-göni durulygy görkezip, ýokary oda çydamlylygyny subut etdi.
Alymlar bu materialyň şu aşakdaky ugurlarda ulanylmagyna uly ynam bildirýärler:

  • Penjireler we dury fasadlar;
  • Açyk (aýnaly) üçekler;
  • Gün panelleriniň netijeliligini artdyrmak;
  • Ýyladyşhanalar;
  • Ýörite gorag eşikleri.

Häzirki wagtda hünärmenler MOCHI-niň mümkinçiliklerini energiýa tygşytlaýjy gurluşyk örtüklerinde we ykjam ýylylyk izolýasiýa çözgütlerinde synagdan geçirmegi dowam etdirýärler.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....