“Wonka” we “Paddington” filmleriniň režissýory Labubu barada film döreder

  • 21.12.2025 13:28
  • 2.4k+

Britaniýaly režissýor Pol King (“Paddingtonyň başdan geçirenleri”, “Wonka”) meşhur gahryman Labubu baradaky filmiň režissýory bolar. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, bu taslamanyň üstünde Sony kinokompaniýasy işleýär.

Pol King diňe bir režissýorlyk etmek bilen çäklenmän, eýsem filmiň prodýuseri wezipesini hem ýerine ýetirer. Häzirki wagtda doly metražly filmiň sýujeti we ekrana çykjak senesi baradaky jikme-jiklikler entek aýan edilmedi.
Labubu — gyýa dişli we syrtarma ýylgyryşy bolan "nägehan-gyzjagazdyr". Onuň uzyn, uçlak gulaklary ertekilerdäki elfleriň keşbini ýatladýar. Keşbi gorkunç görünse-de, onuň mähirli häsiýeti bar. Bu gapma-garşylyk ony dünýäde meşhur bolan "creepy-cute" (ýakymly betgelşiklik) akymynyň nyşanyna öwürdi.
Bu gahryman gonkongly dizaýner Lun Kasin tarapyndan döredildi we "Monstrlar" (The Monsters) seriýasyna degişlidir. 2019-njy ýyldan başlap, Pop Mart kompaniýasy Labubu-nyň keşbinde ýumşak oýunjaklary we açarbaglary satyp başlady. 2024–2025-nji ýyllara çenli bu oýunjaklar "syrly guty" (blind boxes) marketing modeli arkaly kolleksiýaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Emma soňky aýlarda olara bolan isleg kem-kemden peselip başlady.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....