Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa iş saparyny tamamlady

  • 21.12.2025 12:36
  • 2.9k+

20-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Tokio şäheriniň Haneda halkara howa menzilinden ýurdumyza ugrady. Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Öň habar berşimiz ýaly, şol gün Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitine gatnaşdy we birnäçe möhüm teklipleri beýan etdi.
Sammite gatnaşyjylar şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň durnukly zynjyrlaryny pugtalandyrmak, Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek, senagat we beýleki ulgamlara emeli intellekt tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, Merkezi Aziýada wodorod energetikasy tehnologiýalaryna maýa goýumlary çekmek, medeni we akademiki alyşmalary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitiniň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet we energetika babatda ministrler derejesindäki Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. 
Şeýle hem şol gün sammite gatnaşyjy wekiliýet Baştutanlary “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahatynyň plenar mejlisine gatnaşdylar.
Plenar mejlisde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti çakylygy kabul edip sammite gatnaşandyklary üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryna hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra plenar mejlisiň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary yglan etmek dabarasy boldy.
Şeýle hem işewürlik maslahatynyň dowamynda “Ýaşyl energetika we durnuklylyk”, “Sanly özgertme we özara baglanyşyk”, “Maliýe, adam serişdeleri we jemgyýetçilik ulgamynyň işewürligi ösdürmekde eýeleýän orny” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi.
Foruma türkmen tarapyndan ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň wekilçilikli düzümi gatnaşdy.


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......