Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary 2026–2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny ylalaşdylar

  • 21.12.2025 13:44
  • 9.5k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran bäş günlük iş saparynyň dowamynda taraplar 2026–2028-nji ýyllar üçin bilelikdäki işleriň meýilnamasyny ylalaşdylar.

Bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi gümrük amallaryny kadalaşdyrmaga, serhetüsti söwdanyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Täze "ýol kartasy" sanlaşdyrmak, maglumatlary operatiw alyşmak, hukuk goraýjylyk işini güýçlendirmek we hünärmenleri taýýarlamak ýaly meseleleri öz içine alýar.
Saparyň çäklerinde türkmen hünärmenleri Moskwa gümrük wekilhanasynyň Elektron deklarasiýa merkezinde sanly süzgüçleriň kömegi bilen amallary çaltlandyrmak gurallary bilen tanyşdylar. Russiýanyň Gümrük akademiýasynda degişli hünärmenler üçin bilim standartlary maslahatlaşyldy.
Saparyň maksatnamasyna Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň Kinologiýa merkezine baryp görmek hem girdi. Ol ýerde gulluk itlerini taýýarlamagyň usullary öwrenildi.
Gönüden-göni alnyp barlan gepleşikler taraplaryň hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Edaralaryň arasyndaky bu gatnaşyklar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda-ykdysady baglanyşyklary ösdürmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.


şu gün 08:13
1.3k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.4k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
692

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......