Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

  • 21.12.2025 12:55
  • 4.1k+

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy.

Synag şertlerine görä, ulag göni çyzyk boýunça durnukly tizlikde barýan azyndan 13 sany awtoulagyň arasyndan dinamiki "ýylan" (zmeýka) öwrümini ýerine ýetirmelidi. Iş ýüzünde bolsa ulag kerweni sagatda takmynan 70 km tizlik bilen barýardy, olaryň arasyndaky aralyk bolsa 30 metr töweregidi. Öwrümleri ýerine ýetirmek üçin 30 sekunt wagt berlip, jemi üç synanyşyga rugsat berildi.
Netijede, Exeed Exlantix ES 29,893 sekuntda hereket edýän 16 awtoulagyň arasyndan "ýylan" görnüşli öwrümleri edip geçmegi başardy. Ilkinji awtoulagy geçip başlan pursadynda elektrik sedanynyň tizligi 132 km/s-a ýetdi, ýaryş wagtyndaky iň ýokary tizligi bolsa 140 km/s boldy. Bu kategoriýada öň şuna meňzeş rekord synanyşygy hasaba alynmandy.
Awtomobil 353 kWt kuwwatly iki motorly güýç gurluşy, aýlaw pursadyny intellektual paýlaýan doly çekiji (AWD) ulgamy, 21 dýuýmlyk tekerler we işjeň yzky spoýler bilen üpjün edilen.
Exlantix — Hytaýyň EXEED (Chery kompaniýasyna degişli) awtoöndürijisiniň täze premium subbrendi bolup, ol kaşaňlygy, ösen tehnologiýalary we ýokary dinamikany özünde jemleýän tehnologik elektrik we gibrid awtoulaglaryny öndürýär.


şu gün 09:36
392

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......