Entoni Joşua altynjy raundda Jeýk Poly nokauta gidirdi

  • 20.12.2025 12:35
  • 12k+

Britaniýaly boksçy, superagyr agramda öňki birleşdirilen dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger we boksçy Jeýk Poldan üstün çykdy. Söweş 20-nji dekabrda ABŞ-nyň Maýami şäherindäki «Kaseýýa Sentr» arenasynda geçirilen ýaryşyň esasy wakasy boldy.

Joşua söweşi altynjy raundda nokaut bilen tamamlady.
Tutuş söweşiň dowamynda Joşuanyň güýji garşydaşyndan agdyk geldi. Dördünji raundda Pol ringe ýykyldy, ýöne emin nokdauny hasaba almady we dilden bellik etmek bilen çäklendi. Bäşinji raundda amerikaly eýýäm iki gezek nokdauna düşdi we urgulara zordan çydady. Altynjy üç minutlykda Joşua garşydaşyny üçünji nokdauna iberdi we emin söweşi saklady.
Duşuşyk görkezme tutluşygy däl-de, agyr agram derejesinde resmi söweş boldy, şonuň üçin netije iki türgeniň hem professional statistikasyna goşuldy. Bu üstünlikden soň 36 ýaşly Joşuanyň hasabynda 29 ýeňiş we dört ýeňliş boldy. 28 ýaşly Poluň hasabynda 12 ýeňiş we 2 ýeňliş bar.
Ýeňişden soň Joşua öz watandaşy Taýson Fýurini internetde oturman, elligini geýip, ringe çykmaga çagyrdy.

«Bu meniň iň gowy çykyşym bolmady. Ähli zat meniň meýilleşdirenimden uzak dowam etdi. Bu Jeýk Pol üçin kyn boldy, ýöne ol hakyky erkek ýaly öz ýoluny tapmagyň ugrunda. Oňa çäksiz hormat goýýaryn. Ýeri gelende, eger Taýson Fýuri özüni güýçli ýigit hasaplaýan bolsa, onda oňa klawiaturadan elini aýryp, ellik geýip, meniň bilen ringe çykmak gerek, eger ol, hakykatdanam, howply ýigit bolsa. Gürrüňi uzaltmaly, gel, ringde duşuşaly we ýumruk bilen gürleşeli» — diýip, Joşua ringde aýtdy.

13-nji dekabrda The Ring žurnaly Fýuri bilen Joşuanyň 2026-njy ýylda Er-Riýadda söweşjekdigini habar beripdi.


düýn 14:53
7.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......